SPORT

“Arkadag” topary AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eder

Ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony “Arkadag” topary bilen kümüş medalynyň eýesi “Ahal” toparlary öňümizdäki möwsümde AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2 bäsleşiginde çykyş ederler.

“Arkadag” topary abraýly ýaryşy toparçalaýyn bäsleşiginden başlasa, onda “Ahal” bu kubokdaky ýoluny saýlama tapgyrdan başlar. “Ahal” toparynyň saýlama tapgyrynda ýeňlen ýagdaýynda, çykyşyny AFK-nyň Çagyryş lihasynyň toparçalaýyn bäsleşiginden dowam etjekdigini bellemek gerek. Futbol çempionatymyzyň geçen möwsümini üçünji orunda tamamlan paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary halkara möwsümini AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn bäsleşiginden başlar.

Toparlarymyzyň birbada üçüsiniň AFK-nyň Kubok bäsleşiklerinde çykyş etmekleri “Arkadag” toparynyň AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky gazanan ýeňşi bilen baglydyr. Arkadag şäheriniň adybir toparynyň abraýly ýaryşda baş baýraga mynasyp bolmagy ýurdumyzyň AFK-nyň reýtingindäki ornunyň ýokarlanmagyna mümkinçilik berdi.

Özümizdäki möwsümde Aziýa yklymynyň abraýly klub bäsleşiklerinde çykyş etjek toparlarymyza üstünlik gazanmaklaryny arzuw edýäris.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy