JEMGYÝET

Fransiýanyň Prezidenti Milli Liderimiz bilen bolan duşuşygyny türkmen dilinde habar berdi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasyna amala aşyrýan resmi saparyň çäklerinde Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşdy.

Fransiýa Respublikasynyň Prezident Emmanuel Makron bu duşuşygy özüniň “X” (ozalky Twitter) jemgyýetçilik torunda türkmen dilinde habar berdi.

Makron jemgyýetçilik torunda esasan hem şeýle diýdi: 

– Men şu gün agşam türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy bilen duşuşdym. Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasynda energiýa geçişi, infrastruktura, bilim we medeniyet ugurlarynda birnäçe ylalaşyga gol çekdik. Bu ylalaşyklar hyzmatdaşlygymyzyň barha güýçlenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Related posts

Türkiýäniň Ýeňiş baýramy Türkmenistanda bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Prezidentini gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi daşary ýurtda wekilhana açar