DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Gyrgyzystan ulag hyzmatdaşlygyny ösdürer

2025-nji ýylyň 28-30-njy aprelinde Gyrgyzystanyň paýtagtynda geçirilen Ulag, üstaşyr geçelgeler we logistika boýunça türkmen-gyrgyz toparynyň ilkinji mejlisiniň dowamynda birnäçe ileri tutulýan ugurlar boýunça gazanylan ylalaşyklary berkidýän Teswirnama gol çekildi.

Olaryň hatarynda üstaşyr daşamalary ösdürmek, multimodal ugurlary giňeltmek, şol sanda Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagy hem-de nyrh syýasatyna çemeleşmeleri ylalaşmagy öz içine alýan demir ýol, deňiz we awtomobil ulaglary pudagynda hyzmatdaşlyk görkezildi.

Toparyň nobatdaky mejlisini 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy