DÜNÝÄ

Taryhdaky ilkinji aziýaly Papa bolup biler?

Papa Fransiskiň aradan çykmagy bilen katolikleriň täze ruhany liderini saýlamak işine girişiler. Täze Papany saýlamak işi 7-nji maýda başlanar.

Täze Papanyň kim boljakdygy hemmeleri gyzyklandyrýar. Dini liderleriň arasynda iň güýçli dalaşgärleriň biri hem aziýaly Kardinal Luis Antonio Gokim Tagledir. Tagleniň Rim Papasy hökmünde saýlanan halatynda ilkinji aziýaly Papa bolar.

Kardinal Tagle Watikanyň çäklerinde “Çitto” lakamly bilen tanalýar. Ol garyplygy aradan aýrymak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly garaýyşlary bilen “Aziýanyň Fransiski” diýlip hem atlandyrylýar.

Ol Filippinlerdäki ybadathananyň dini ýolbaşçysy bolup durýar.

Related posts

73 ýaşly gazak ýaşulysy dünýäni aýlanmaga çykdy

Türkmenıstanda maşgalalary berkitmek boýunça halkara hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň esaslandyryjysy Atatürk ýatlanyldy