SPORT

UEFA-nyň Çempionlar ligasy: “Barselona” we “PSŽ” ýarym finala çykdy

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň jogap duşuşyklary geçirildi. Onda Fransiýanyň “PSŽ” topary myhmançylykda Angliýanyň “Aston Willa” topary bilen duşuşan bolsa, Ispaniýanyň “Barselona” topary hem myhmançylykda Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” topary bilen duşuşdy.

Fransuz topary myhmançylykda 3:2 hasabynda utuldy. Ýöne birinji duşuşykda 3:1 hasabynda utandygy üçin ýarym finala çykdy. “PSŽ” toparynyň düzüminde 11-nji minutda Aşraf Hakimi we 28-nji minutda Nunu Mendeş tapawutlandy. Iňlis toparynyň gollaryny 34-nji minutda Ýuri Tilemans, 55-nji minutda Jon Makginn hem-de 57-nji minutda Ezri Konsa geçirdi.

Beýleki duşuşykda hem “Barselona” topary myhmançylykda german toparyna 3:1 hasabynda utuldy. Ýöne ispan ägirdi birinji duşuşykda 4:0 hasabynda utandygy üçin ýarym finala çykmagy başardy.

Fransiýanyň “PSŽ” topary entek UEFA-nyň Çempionlar ligasynda çempion bolmagy başarmady. 2020-nji ýylda bu topar finala çykdy, ýöne finalda Germaniýanyň “Bawariýa” toparyna 1:0 hasabynda utulypdy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady