TEHNOLOGIÝA

“Microsoft” – dünýäniň iň gymmat kompaniýasy

Amerikanyň tehnologiýa ägirdi “Microsoft Corp.” kompaniýasy ýene-de dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy. Onuň bu ugurdaky esasy bäsdeşleriniň biri bolan “Apple Inc.” kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy 23 göterim pese gaçdy.

Şeýlelikde, “Microsoft” kompaniýasynyň bazar bahasy 2.64 trillion dollara deň boldy. Şol döwürde “Apple” kompaniýasynyň görkezijisi bolsa, 2.59 trillion dollara deňdir.

Bilermenleriň baha bermegine görä, Hytaý Halk Respublikasyna goýlan gümrük paçlarynyň ýokary bolmagy “Apple” kompaniýasyna öz täsirini ýetirdi. “Apple” kompaniýasy özüniň önümleriniň ep-esli bölegini Hytaýdan import edýär.

Related posts

Ýewropada emeli intellekt: “Audi”, “Siemens” we “Bosch” zawodlaryna ornaşdyrylýar

Türki döwletleri bilelikde kosmosa emeli hemra ibererler

Ahyrsoňy öz uçuşyny amala aşyrdy