DÜNÝÄ

Özbegistanda Ýewropa Maýa goýum bankynyň sebitleýin wekilhanasy açylýar

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Samarkant şäherinde geçiriljek “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” birinji sammitine gatnaşmak üçin gelen Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen hem-de Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antoniu Koşta bilen duşuşdy.

Duşuşygyň jemleri boýunça Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň Özbegistanda sebitleýin wekilhanasyny döretmek hakyndaky ylalaşyga gol çekildi.

Ýewropanyň Maýa goýum banky 1958-nji ýylda döredildi we Ýewropa Bileleşiginiň öňdebaryjy maliýe edarasydyr.

Daşkent şäherinde maliýe edarasynyň wekilhanasynyň açylmagy Özbegistanda we tutuş Merkezi Aziýada “ýaşyl” ykdysadyýet, innowasion senagat we döwrebap infrastruktura taslamalaryna maýa goýumlarynyň çekilmegine goşant goşar.

 

Related posts

Türkmenistan «Hindistan – Merkezi Aziýa» dialogyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekiliýeti Gazagystanda iş saparynda bolar

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäresi guraldy