DÜNÝÄ

Saud Arabystanynyň döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Muhammed Al Saudyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar maýa goýum we şäher gurluşygy ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, bilelikdäki geljegi uly infrastruktura taslamalaryny we senagat hyzmatdaşlygyny durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşant goşýan we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin berk esas bolup hyzmat edýän yzygiderli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we ýokary derejeli saparlaryň ähmiýeti bellenildi.

Taraplar halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň çäginde birek-birege goldaw bermegi dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary