JEMGYÝET

Eýranyň ministri Arkadag şäherindäki halkara maslahata gatnaşar

Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri hanym Farzane Sadef Malwadžerd Arkadga şäherinde geçiriljek  «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Eýranyň ministri Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy. Duşuşykda iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen döwletara gatnaşyklarynyň hil taýdna täze derejelere çykýandygyna kanagatlanma bildirildi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparyna möhüm orun degişlidigi bellenildi.

Duşuşykda türkmen-eýran gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin yzygiderli hyzmatdaşlyk etmegi goldamak boýunça ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar