DÜNÝÄ

Türkmen-rus parlamentara dostluk toparlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy

Rus tarapynyň başlangyjy bilen, Türkmenistanyň Mejlisinde we Russiýa Federasiýasynyň Federal  Ýygnagynyň Döwlet Dumasynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda taraplar parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm bölegine öwrülendigini we ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň döredilmeginiň kanunçykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygyny aýratyn bellediler.

Taraplar duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň daşary syýasatda yglan eden oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan deň hukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barýan syýasatyny durmuşa geçirmekde parlament hyzmatdaşlygynyň ornunyň ýokarlanýandygyny, şunuň bilen baglanyşykly geljekde parlament wekilleriniň iş saparlarynyň we duşuşyklarynyň guralmagynyň ähmiýetiniň uly boljakdygyny beýan etdiler.

Şeýle hem parlamentara dostluk toparynyň agzalary 2025-nji ‒ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek ýokary derejedäki halkara çärelerine gatnaşmaga çagyryldy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary