SPORT

Özbegistanyň Prezidenti Abdukodir Husanow bilen duşuşdy

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň düzüminde çykyş edýän özbek futbolysy Abdukodir Husanow bilen duşuşdy. Bu barada Özbegistanyň Futbol assosiasiýasy habar berdi.

Duşuşygyň barşynda özbek futbolysy Prezident Şawkat Mirziýoýew “Mançester Siti” toparynyň düzüminde çykyş edýän köýnekçesini sowgat berdi.

Assosiasiýanyň çap eden suratyndan hem görnüşi ýaly, duşuşyga Husanowyň kakasy Hikmat Hoşimow we Özbegistanyň Prezidentiniň kömekçisi Saida Mirziýoýewa gatnaşdy.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Angliýanyň “Mançester Siti” topary Fransiýanyň “Lens” klubyndan Özbegistanyň goragçysy Abdukodir Husanow bilen resmi şertnama baglaşypdy. 20 ýaşyndaky futbolçy dört ýarym ýyllyk şertnama bilen Angliýanyň Premýer-ligasynyň çempionynyň hataryna goşuldy we 2029-njy ýylyň tomsuna çenli bu toparda galar.

Özbek futbolçy Angliýanyň Premýer-ligasynda öz ýurduna wekilçilik edýän ilkinji futbolçy boldy.

Ýene-de okaň

Garagum sährasynda ralli-reýd boýunça Türkmenistanyň Kubogy geçirildi

Täze Zelandiýa 3-nji gezek dünýä çempionatynda oýnar

Ýaponiýa dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanan ilkinji ýygyndy

Ata Watan Eserleri

“Mançester Ýunaýted” topary üçin täze stadion gurlar

Kirsti Kowentri – Halkara Olimpiýa Komitetiniň ilkinji zenan ýolbaşçysy

Taryhynda ilkinji gezek Angliýanyň Liga kubogyny gazandy