DÜNÝÄ

“Awaza – dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwaly geçiriler

Şu ýylyň iýun aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza – dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwaly geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza – dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwaly görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Halkara festiwalyň esasy maksady türkmen milli tans sungatyny we gadymy folkloryny dünýä halklary bilen tanyşdyrmakdan, türkmen halkynyň tans sungatyny we milli folkloryny wagyz etmekden, halklaryň arasyndaky döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu ýylyň iýun aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza – dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwalyny geçirmek baradaky teklibi goldady.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Täjigistan medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrar

Türkmen-rus parlamentara dostluk toparlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy

Ýewropa Parlamentinde türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan mejlis geçirildi

Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap ýurtlarynyň duşuşygyna taýýarlyk görülýär

Ermenistan Türkmenistanyň tebigy gazyny almaga gyzyklanma bildirýär

Rigada türkmen-latwiýa syýasy geňeşmeleri geçirildi