DÜNÝÄ

Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň mejlisi geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 10-njy mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, toparyň nobatdaky mejlisinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, maliýe-ykdysady, ylym-bilim, ýokary tehnologiýalar, sport, medeniýet, saglygy goraýyş, ulag-aragatnaşyk, maglumat ulgamlarynda, sebitara baglanyşyk, şertnama-hukuk ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanyň hyzmatdaş döwletleriniň biri bolup durýandygyny, ýurtlarymyzyň dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 10-njy mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we toparyň türkmen böleginiň düzümi boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Nemes kompaniýalary Türkmenistanyň halkara infrastruktura taslamalaryna gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň ilçisi Täjigistanyň Namoýandagon Oli Majlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi

Eýran bilen Belarusyň arasynda täze ylalaşyklar gazanyldy

«Kids Expo 2025» sergisi geçirilýär

Palestina ynsanperwer kömek üçin Türkmenistana hoşallyk bildirdi