IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Türkmenbaşy şäheriniň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Türkmenbaşy şäheriniň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,  şeýle hem şäheriň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!

Balkan welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Türkmenbaşy şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenbaşy şäheriniň Türkmenbaşy meýdançasynyň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Medeni-sport toplumynda, sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!

Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;

Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Türkmenbaşy meýdançasynyň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Medeni-sport toplumy.

Habarlaşmak üçin:
+993243 60695;
+993243 50094

Ýene-de okaň

Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Mary welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Lebap welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Balkan welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

“Petronas” täze boş iş orunlaryny hödürleýär