DÜNÝÄ

Tramp Konor Makgregoryň janköýeri

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Irlandiýanyň Premýer-ministri Mihol Martin bilen geçiren duşuşygynda “UFC” ýaryşlarynyň ozalky çempiony Konor Makgregoryň janköýeridigini belledi.

Habarçylar Donald Trampdan özüni täsin galdyrýan irlandiýalylar barada sorady. Tramp bu sowala şeýle jogap berdi: “Olar örän köp. ýöne meni siziň söweş türgeniňizi haýran galdyrýar”.

– Men Konor barada aýdýaryn. Ýöne sizde örän köp güýçli türgenler bar. Irlandiýada hemişe köp sanly güýçli türgenler bar. Näme üçin, bilýäňizmi? Sebäbi olar akylly we yhlasly adamlar – diýip, Tramp belledi.

Şeýle hem Tramp ýurduň Premýer-ministriniň kakasy Peddi Martin hem meşhur bokçsy bolandygyny aýtdy.

Konor Makgregor 36 ýaşynda we ol garyşyk söweş sungaty ýaryşlarynda 22 gezek ýeňiş gazanyp, 6 tutluşykda ýeňildi. Irlandiýaly türgen “UFC” ýaryşlarynda 2 agramda çempion bolan türgenleriň biridir.

Related posts

Türki Döwletleriň Guramasy üçtaraplaýyn sammite ýokary baha berdi

Gazagystanda “Chevrolet Damas” we “Chevrolet Labo” ulaglarynyň önümçiligine girişildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Türkiýäniň gümrük gulluklarynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy