DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Türkiýäniň Ak partiýasynyň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Ak partiýasynyň Başlygynyň Orunbasary Kurşad Zorlu bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar, türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlyndaky ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Esasan hem, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň özara hyzmatdaşlygy türkmen-türk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn esasda ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini bellediler.

Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan bilälikdäki çäreleri gurnamak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de söhbetdeşler Türkiýe Respublikasynyň Ak partiýasynyň wekiliýetiniň Türkmenistanda geçiriljek çärelere gatnaşmak üçin saparyny gurnamagy barada pikir alyşdylar.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady

Türkmenistanyň Eýrandaky baş konsullygy köpçülikleýin welosiped ýörişini gurady

Germaniýada täze hökümet düzülermi?