BIZNES

Türkmenistan bilen Gruziýa gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk etmek babatda ylalaşyk baglaşdylar

Gruziýanyň Premýer-ministri jenap Irakliý Kobahidzeniň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde geçirilen Türkmenistanyň we Gruziýanyň wekiliýetleriniň giňeldilen düzümdäki duşuşygynyň netijesi boýunça Gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk we özara administratiw ýardam bermek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gruziýanyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

Resminama iki ýurduň gümrük edaralarynyň arasynda mundan beýläkki amaly hyzmatdaşlygyň kanuny esasyny düzýär.

Gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, taraplar gümrük kadalarynyň bozulmalaryna, şol sanda kontrabanda garşy göreş, serhetden geçirilýän harytlar we ulaglar serişdeleri barada elektron maglumat alyşmak, gümrük statistikasynyň maglumatlaryny seljermek we gümrük töwekgelçiligini dolandyrmak, özara tejribe alyşmak ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ederler.

Ýene-de okaň

Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynyň demirýol stansiýalary döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep harytlarynyň söwdasy başlar

Aşgabatda Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty geçiriler

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda “e-TIR” ulgamy boýunça ilkinji synag ýük daşamasy başlandy

Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanda täze tebigy gaz akymy alyndy