SPORT

Çempionlar ligasy: “Mançester Siti” 13 ýyldan soňra 1/8 finala çykyp bilmedi

UEFA Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň duşuşyklary tamamlandy. Munuň netijesinde, Angliýanyň güýçli toparlaryndan “Mançester Siti” topary 2012-13-nji ýylyň möwsüminden soňra ilkinji gezke, ýagny 13 ýyldan soň 1/8 finala çykyp bilmedi.

Pleý-off tapgyrynyň esasy duşuşyklarynyň biri “Real Madrid” bilen “Mançester Siti” duşuşygy boldy. Angliýada garşydşany 3:2 hasabynda ýeňen “Real Madrid” öz meýdançasynda iňlis toparyny fransuz ýyldyzy Kilian Mbappeniň geçiren 3 goly bilen 3:1 hasabynda utdy.

Şeýlelikde, pleý-off tapgyrynda “Benfika”, “Bawariýa”, “Brýugge”, “Feýnoord”, “Borussiýa Dortmund”, “PSŽ”, “Real Madrid” we “PSW” toparlary 1/8 finala çykdy.

Pleý-off tapgyrynda “Milan”, “Mançester Siti” we “Ýuwentus” ýaly toparlar ýaryşdan galdy.

Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynda oňat netije görkezip, 1/8 finala çykan 8 topar – “Liwerpul”, “Barselona”, “Arsenal”, “Inter”, “Atletika Madrid”, “Baýer Lerwerkusen”, “Lill” we “Aston Willa” toparlary pleý-off tapgyrynda nobatdaky tapgyra çykan toparlar bilen bije çekişlik esasynda bäsleşer.

Çempionlar ligasynda 1/8 finalynyň, çärýek we ýarym final duşuşyklarynyň bijeleri 21.02.2025-nji senesinde Şweýsariýanyň Nýon şäherinde çekiler.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady