Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek boýunça başyny başlan işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Bu ugurda alnyp barylýan işler guwandyryjy netijelerini hem berýär. Munuň şeýledigine «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary tarapyndan «Uzynada» käninde ýerine ýetirilen işleriň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar.
Bu kändäki 85 belgili täze çuň guýynyň buraw we gurluşyk işleri tamamlanyp, önümçilige girizildi. Guýynyň çuňlugy 6 müň 830 metr bolup, ondan gije-gündiziň dowamynda nebit kondensatynyň 70 tonnasy hem-de 75 müň kub metr tebigy gazyň akymy alyndy.
“Uzynada” käninde önüm berýän täze guýynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başynda ulanyşa girizilmegi aýratyn bellärliklidir.