BIZNES

Türkmenistan pomidoryň eksportyny ýokarlandyrýar

Gümrük statistikasynyň 2024-nji ýyl boýunça seljermesi bu döwürde Türkmenistandan eksport edilen harytlaryň köpelendigini görkezýär. Bu harytlaryň aglaba bölegini oba hojalyk önümleri düzýär. Bu barada Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Hususan-da, ýyladyşhanalardan alnan pomidor hasylynyň daşary döwletlere eksport edilen möçberiniň has artandygy bellenilýär. Daşary ýurtlara çykarylan pomidoryň umumy mukdary 149 müň tonna boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýyla görä 43 göterime golaý ýokarlandy. 2024-nji ýylda umumy eksport edilen pomidoryň 56%-e golaýy Russiýa Federasiýasyna, 28%-e golaýy  Gazagystana  we 11%-den gowragy Gyrgyzystana amala aşyryldy.

2024-nji ýylda Türkmenistanyň eksportynyň haryt gurluşynda gök-bakja ekinleri we miwe önümleri hem agdyklyk edýär. Geçen ýylyň başyndan bäri mäşiň 13 müň tonna golaýy, ter düýp soganyň 6 müň tonna golaýy, ter miweleriň we üzümiň 4 müň tonna golaýy eksport edildi. Bulardan başga, görkezilen döwürde goňşy ýurtlara konditer önümleriniň, gaplanan gök-bakja we miwe önümleriniň, alkogolsyz içgileriň uly möçberleri eksport edildi.

Eksporta ýardam berýän şertleri döretmek babatda gümrük amallarynyň awtomatlaşdyrylmagy we sanlylaşdyrylmagy Döwlet gümrük gullugynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Related posts

Çin petrol şirketinden Türkmenistan’a 7 milyar dolarlık yatırım

vepa

Türkmenistanda koza üretimi: Ahal vilayeti planı doldu

vepa

Türkmenistan izobutan öndürmäge niýetlenen desgany gurmakçy