SPORT

Neýmar “Santosa” dolanyp bardy

Brazil hüjümçi Neýmar öz ýurdunyň “Santos” toparyna gaýdyp bardy. Ol özüniň “Instagram” jemgyýetçilik torunda Braziliýanyň “Santos” topary bilen şertnama baglaşandygyny habar berdi.

– Men “Santos” bilen şertnama baglaşdym – diýip, Neýmar wideoýazgysynda belläp geçdi. Soňky gezek Saud Arabystanyň “Al-Hilal” toparynyň düzüminde çykyş eden Neýmar topar bilen dowam eden şertnamasynyň taraplaryň razyçylygy bilen ýatyrdy.

Saud toparyndan ozal, Neýmar Fransiýanyň “PSŽ” toparynda çykyş etdi. Ol 2017-nji ýylda Ispaniýanyň “Barselona” toparyndan fransuz toparyna 222 million ýewro geçdi we häzirki wagtda Neýmar bir futbolçyny satyn almak üçin iň köp pul sarp edilen futbolçy bolmagynda galýar.

Neýmar fransuz toparynyň düzüminde 5 gezek Fransiýanyň çempiony boldy. Brazil hüjümçi Ispaniýanyň “Barselona” toparynda meşhur argentin ýyldyzy Lionel Messi bilen bilelikde oýnap, köp sanly üstünlikleriň eýesi boldy. Ispan topary bilen ýurduň çempiony, Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy.

Braziliýanyň “Santos” topary Neýmaryň ilkinji toparydyr. Ol bu topar bilen Braziliýanyň kubogyny we Libertadores kubogyny gazanypdy. “Santos” topary Günorta Amerikanyň iň naýbaşy kubogy bolan Libertadores kubogyny 3 gezek gazanan toparlaryň biridir.

Neýmar şol bir wagtda Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hem iň köp gol geçiren futbolçysydyr. Ol milli ýygyndda 128 duşuşykda oýnap, 79 gol geçirdi.

Brazil futbolçy 2009-njy ýylda 17 ýaşynda “Santos” toparynda özüniň futbol karýerasyna başlady. Bu toparda 225 duşuşykda 136 gol geçirdi we 2011-nji ýylda toparynyň Libertadores kubogyny gazanmagyna goşant goşdy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady