SPORT

Çempionlar ligasy: täze formatyň ilkinji umumy tapgyry tamamlandy

UEFA-nyň Çempionlar ligasy üstümizdäki ýylda täze formatda geçirildi. Ýewropanyň iň naýbaşy ýaryşyna 36 topar gatnaşdy we umumy tapgyrda 8 tapgyrçasynyň netijesinde pleý-off tapgyryna galan 24 topar belli boldy.

Geçen ýylyň çempiony “Real Madrid” topary bilen “Mançester Siti” toparlarynyň ykbaly soňky duşuşykda belli boldy we olar hem ahyrsoňy pleý-off tapgyryna galmagy başardy.

Umumy tapgyryň iň gowy topary “Liwerpul” topary boldy, bu topar 8 duşuşygyň 7-nji ýeňiş gazandy we 1 duşuşykda ýeňildi.

1/8 final tapgyryna ilkinji bolup adyny ýazdyran toparlar “Liwerpul” (21 utuk), “Barselona” (19), “Аrsenal” (19), “Inter” (19), “Аtletiko Madrid” (18), “Baýer” (16), “Lill” (16) we “Аston Willa” (16).

Pleý-off tapgyrynda 9-njy orun bilen 24-nji orny eýelän toparlar özara bäsleşerler. Olaryň arasynda “Atalanta”. “Borussiýa”, “Real”, “Bawariýa”, “Milan”, “PSW”, “PSŽ”, “Benfika”, “Monako”, “Brest”, “Feýenord”, “Ýuwentus”, “Seltik”, “Mançester Siti”, “Sporting” we “Brýugge” toparlary bar.

Pleý-off tapgyrynyň bije çekilişigi 31-nji ýanwarda geçiriler. Şonuň netijesinde duşuşyklar 11-12-nji fewralda, jogap duşuşyklary 18-19-njy fewralda geçiriler.

1/8 finalyň duşuşyklary 4-5-nji martda, jogap duşuşyklary 11-12-nji martda bolar.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady