BILIM

Salgyt hukugy magistr derejesi boýunça Amerikanyň iň gowy 10 kukuk mekdebi

Salgyt hukugy ulgamy hukugyň iň çylşyrymly ugurlarynyň biri bolup, bu ulgamda hukuk hyzmatyny bermek üçin ýörite goşmaça bilim almak zerur bolup durýar. Şol sebäpli, ösen ýurtlarda salgyt hukugy ulgamynda magistr derejesini berýän okuw mekdpeleri hereket edýär.

Bu habarymyzda biz şeýle hukuk mekdepleri boýunça Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň iň gowy ilkinji onlugyny Size ýetirýäris. Şonda, ilki uniwersitetiň ady, soňra, ýerleşýän şäheri we ştaty, soňra bolsa reýtindäki ornuny bereris.

Biz ulgamda Amerikada esasy ýüz tutulýan reýting bolan “U.S. News Ranking 2025” sanawyny esas aldyk:

  1. New York University , New York, NY #1
  2. Georgetown University , Washington, DC #2
  3. Northwestern University (Pritzker) , Chicago, IL#3
  4. University of Florida (Levin), Gainesville, FL#3
  5. University of Virginia , Charlottesville, VA #5
  6. Columbia University , New York, NY, #6
  7. University of California–Los Angeles , Los Angeles, CA, #6
  8. University of California–Irvine , Irvine, CA, #8
  9. University of Michigan–Ann Arbor, Ann Arbor, MI, #8
  10. Duke University , Durham, NC, #10
  11. Harvard University, Cambridge, MA, #10

Görşümiz ýaly, ilkinji onlukda dünýä belli Stanford uniwersiteti ýaly uniwersitetler ýokdur. Şol sebäpli ABŞ-de bilim almak üçin uniwersitet saýlaňyzda, bu uniwersitetiň milli, halkara reýtingi bilen bir hatarda, bilim aljak ugruňyz boýunça reýtingine hem seretmek maslahat berilýär.

Mysal üçin  Stanford uniwersiteti we Ýale uniwersiteti bu sanawda 15-nji ýerde durýar. University of California, Berkeley bolsa bu sanawda 20-nji oruna ýerleşipdir. University of California, Davis bolsa Amerikanyň iň gowy salgyt hukugy magistr derejesi boýunça ilkinji 25-lige girmäni başarypdyr.

Ýene-de okaň

Aşgabatda «Lomonosow—2026» halkara forumyna badalga berildi

Iňlis dili boýunça V halkara internet olimpiadasy geçirilýär

“Makul Dil Gollanmasy” Amerikan Kongres kitaphanasynyň katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Aşgabatda III Halkara matematika olimpiadasy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekilleri Hindistanda halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar