JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň Bolu welaýatynda ýerleşýän Kartalkaýa dynç alyş zolagyndaky myhmanhanada bolup geçen hem-de adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýangyn zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda, Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Hormatly Prezidentimiz Hytaýyň abraýly metbugat serişdelerine interwýu berdi

Ata Watan Eserleri

«Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi