Türkmenistanyň Bilim ministrligi II Halkara matematika olimpiadasynyň geçirilýändigini yglan etdi. Olimpiada Aşgabat şäherinde şu ýylyň 21–26-njy apreli aralygynda geçiriler.
Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň mekdep okuwçylary we uçurymlary olimpiada gatnaşmaga çagyrylýarlar. Olar «A» we «B» toparlarda çykyş ederler.
«A» toparda öz ýurdunda orta mekdebi gutaranyna bir ýyldan köp wagt geçmedik hem-de olimpiadanyň geçirilýän döwründe ýokary okuw mekdepleriň talyplary bolmadyk 20 ýaşa çenli ýaşdaky uçurymlar gatnaşyp bilerler. «B» topary orta mekdepleriň 15,5 ýaşdan uly bolmadyk okuwçylaryny bir ýere jemlär. Toparlaryň ikisi üçin hem gatnaşjaklaryň sany çäklendirilmeýär.
Olimpiada şahsy görnüşde bir tapgyrda geçiriler. Bäsleşigiň resmi dili türkmen, rus we iňlis dilleridir.
Kabul edýän ýurt gatnaşjaklaryň hem-de olaryň ýolbaşçylarynyň iýmiti, ýaşamagy, ulaglary we olimpiada döwründe ýurduň çäklerinde gezelenç etjek ýerleri bilen baglanyşykly çykdajylary öz üstüne alýar.
Olimpiada gatnaşmak isleýänler hem-de olaryň ýolbaşçylary üçin bellige alyş Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda şu ýylyň 10-njy apreline çenli açykdyr.
Goşmaça maglumatlar: +99312448409, +99312398550, +99365809906 telefon belgileri we turkmenmatholymp@gmail.com elektron salgy boýunça elýeterlidir.
II Halkara matematika olimpiadasy ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny we zehinlerini ösdürmek, olaryň ylma we döredijilige gyzyklanmalaryny höweslendirmek, ýaşlaryň intellektual taýdan ösmegi bilen baglanyşykly hünärleri saýlamaklary, şeýle hem dünýäniň ýurtlarynyň bilim edaralarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak arkaly giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri kemala getirmek üçin has oňaýly şertleri döretmek maksady bilen geçirilýär.