DÜNÝÄ

Türkmenistan “Aquatech Amsterdam 2025” halkara ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyryldy

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow we Niderlandlaryň Astanadaky ilçisi Nikolaas Ýakob Şermers duşuşyk geçirdiler. Duşuşykda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, türkmen diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Niderlandlary 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Şeýle hem, BMG-niň meýdançasynda “Parahatçylyk we howpsuzlyk ugrunda Bitaraplaryň dostlary topary” döretmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjyny goldamak teklip edildi.

Öz gezeginde, Niderlandlar tarapy Türkmenistany şu ýylyň mart aýynda geçiriljek “Aquatech Amsterdam 2025” halkara ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrdy. Bu ýarmarka agyz suwy, tehnologiki we zeý suwlary babatynda öňdebaryjy sergi hasaplanylýar.

Taraplar özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassyklap, geljekki çärelerde biri-birini goldamak barada ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy