SPORT

Taryhy transfer: özbek futbolçy “Mançester Siti” toparyna geçýär

Özbegistanyň futbol dünýäsinde taryhy wakalaryň biri bolup geçýär. Fransiýanyň “Lans” toparynyň düzüminde çykyş edýän Abdukodir Husanowyň Angliýanyň “Mançester Siti” toparyna geçmegine garaşylýar.

Bu barada futbol insaýderi Fabrisio Romano özüniň jemgyýetçilik torunda habar berdi. Şeýlelikde, Husanow Angliýanyň çempionatynda çykyş etjek ilkinji özbek futbolçy bolar.
Angliýanyň geçen möwsümiň çempiony “Manester Siti” topary dekabr aýynyň ahyrynda “Lans” topary bilen gepleşikler geçirip başlady we oňyn netije gazandy. 20 ýaşly futbolçy üçin 40 million ýewro töelener.
Özbek futbolçy täze topary bilen 2029-njy ýyla enli şertnama baglaşar. Şeýle hem şertnamada onuň möhletini 1 ýyl uzaltmak hem göz öňünde tutulyp bilner.
Abdukodir Husanow Özbegistanyň futbol taryhynda bir topardan başga topara geçmek boýunça futbolça tölenen tölegde rekord goýdy. Özbek futbolçy goragda görkezen oýny bilen “Özbekleriň Ramosy” lakamyny alypdy.
Mundan ozal, özbek hüjümçisi Eldor Şamurodow “Roma” toparyna 20 million ýewro geçipdi.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy