DÜNÝÄ

Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 – 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 – 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistan adam söwdasyna iň ýiti we wajyp ählumumy meseleleriň biri hökmünde garaýar. Türkmenistan adam söwdasyna garşy göreşmek we adam hukuklaryny goramak hem-de ilerletmek boýunça halkara tagallalaryna täsirli goşant goşmagy dowam etdirmäge ygrarly.

Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 – 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy Migrasiýa boýunça halkara guramasy (IOM) we Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirligi (UNODC) bilen bilelikde Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça pudagara topar tarapyndan taýýarlandy. Meýilnama öňüni alyş häsiýetli bolup, giňişleýin görkezmeleri öz içine alýar we halkara gurluşlar bilen ýakyn hyzmatdaşlygy talap edýär.

Türkmenistanyň ynsanperwer pudaga degişli halkara guramalar, hususan-da adam hukuklaryny hemmetaraplaýyn goramak we bu ugurdaky häzirki zaman wehimlerine garşy göreşmek boýunça işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny bellemek zerurdyr. Bu babatda döwletde ulgamlaýyn işleri alyp barmak üçin ygtybarly kanuny esaslary emele getirýän adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça berk kanunçylyk binýady döredildi.

Ýurdumyzda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2016 – 2018 we 2020 – 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamalary yzygiderli durmuşa geçirildi. Türkmenistanyň «Adam söwdasyna garşy hereket etmek hakynda» kanuny adam söwdasyna garşy göreşiň hukuk, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär we bu ugurda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 – 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy bäş bölümden ybarat bolup, maksatlaýyn çäreleri, durmuşa geçirmegiň möhletlerini, degişli görkezijileri we bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin jogapkär döwlet edaralaryny öz içine alýar.

Mundan başga-da, meýilnama bu ugurda abraýly halkara guramalary we daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýar.

Türkmenistan adam söwdasyna garşy göreşmekde we öňüni almakda halkara jemgyýetçiligi bilen utgaşykly hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarly.

Ýene-de okaň

Tramp: Putin bilen duşuşyga taýýarlyk görülýär

Eýranyň täze paýtagty: söwda üçin täze başlangyç bolar

Ozalky Prezident Jimmi Karter üçin duýgudaşlyk bildirildi

Ata Watan Eserleri

“Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” sammiti Özbegistanda geçiriler

Saud ösüş gaznasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Indoneziýa BRIKS-iň doly hukukly agzasy boldy