SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanyň raýatlaryna Malaýziýada 90 güne çenli wizasyz bolmaga rugsat berilýär

2024-nji ýylda 2 müňden gowrak Türkmenistanly Malaýziýa syýahat etdi. Bu barada resmi türkmen metbugatynda habar berilýär. Maglumatlara görä, Malaýziýa her ýyl 20 milliondan gowrak syýahatçyny kabul edýär.

 Resmi maglumatlar 2005-nji ýylda syýahatçylyk pudagy Malaýziýanyň ykdysadyýetiniň 7 göterimini eýelän bolsa, eýýäm dört ýyldan soň bu mekanyň dünýäniň iň köp syýahat edilýän 10 ýurdunyň hataryna girendigini görkezýär.

Malaýziýa barýan jahankeşdelere 30 güne çenli wiza hökman däldir. Türkmenistanyň raýatlary üçin bolsa, ýörite çözgüde laýyklykda, bu ýurtda 90 güne çenli wizasyz bolmaga ygtyýar berilýär. Geçen ýylyň fewralynda Aşgabatdan Kuala-Lumpur şäherine göni ýolagçy uçar gatnawynyň açylmagy bolsa bu pudakdaky gatnaşyklary has-da ilerletdi.

Iki ýurduň Hökümetleriniň arasynda gol çekişilen syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama syýahatçylyk mümkinçilikleri juda baý bolan döwletlerimiziň gatnaşyklarynda täze sahypa öwrüldi. Bäş ýyllyk möhlet bilen baglaşylan Ähtnama 11 maddadan ybarat.

Geçen ýylyň ahyryna çenli ýurdumyzdan Malaýziýa syýahat eden ildeşlerimiziň sany 2 müňden hem geçdi. Ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalary bilen Malaýziýanyň degişli ugurda iş alyp barýan kärhanalarynyň arasynda degişli şertnamalaryň 15-e golaýy baglaşyldy.

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň uçarlary häzirki wagtda hepdede iki gezek paýtagtymyzdan Kuala-Lumpur şäherine göni uçuşlary amala aşyrýar. Malaýziýa syýahat etmek isleýän ildeşlerimiz ýurdumyzda hereket edýän 100-den gowrak syýahatçylyk kompaniýalarynyň üsti bilen öz syýahatyny amala aşyryp bilýärler.

Ýene-de okaň

Türkmen lukmanlary halkara tejribesini artdyrýarlar

Ata Watan Eserleri

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Moskwadan alternatiw ugurly gatnawlary dowam etdirýär

Täze nesil “Beta” nesli diýlip atlandyrylar

“Air India” ýolagçylaryna Wi-Fi hödürleýän ilkinji hindi awiakompaniýasy boldy

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Moskwa-Bangkok gatnawlaryny başga ugur boýunça ýerine ýetirýär

Ata Watan Eserleri

Milanda 1-nji ýanwardan jemgyýetçilik ýerlerde çilim çekmek gadagan edildi