JEMGYÝET

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy

2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ylýas Gaýypow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana ynanç hatlaryny gowşurdy.

Gowşurylyş dabarasynyň barşynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň özara saparlarynyň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar türkmen-eýran gatnaşyklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny bellediler.

Related posts

Milli Liderimiz okuwçynyň Täze ýyl arzuwyny hasyl etdi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmen Lider, bugün New York’a gidiyor

vepa