JEMGYÝET

BAE-de Täze ýyl gijesi 2 sany Ginnesiň rekordy hasaba alyndy

Birleşen Arap Emirlikleriniň Ras-el-Haýma emirliginde Täze ýyl gijesi dronlar we feýerwerkler bilen 2 sany Ginnesiň rekordy hasaba alyndy. Bu barada Emirligiň syýahatçylygy ösdürmek boýunça edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

– Täze ýyl baýramçylygy Ras-el-Haýma emirliginde 2024-nji ýylda syýahatçylyk pudagynda gazanylan üsütnlikleriň jemleýjisi boldy. Ginnesiň 2 sany rekordy hasaba alyndy – diýip, syýahatçylyk edarasynyň ýolbaşçysy Raki Fillips belledi.

Täze ýyl gijesi bu emirlikde dronlar bilen asman giňişliginde iň uly agajyň şekili, şeýle hem dronlar bilen howa giňişliginde iň uly deňiz balykgulagynyň şekili emele getirildi.

4 kilometre uzaýan deňiz kenarynda 1,4 müň sany dronyň kömegi bilen üç bölekleýin şou hem-de lazer şöhleleri bilen baýramçylyk dabarasy guraldy.

Birinji tapgyda emirligiň ekoulgamy, ikinjisinda deňiz mirasy, üçünjisi bolsa deňiz syýahatynyň taryhy şekilleriň üsti bilen gürrüň berildi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri