DÜNÝÄ

Lukaşenko we 4 dalaşgär prezidentlige dalaş eder

Belarus Respublikasynda 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda prezident saýlawlary geçiriler. Ýurduň Merkezi saýlaw topary 5 dalaşgäri bellige aldy.

Olar – ýurduň häzirki Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Zähmet we adalatlylyk respublikan partiýasynyň başlygy Aleksandr Hižnýak, Belarusyň Liberal-Demokratik partiýasynyň başlygy Oleg Gaýdukewiç, hususy telekeçi Anna Kanopaskuý we Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň birinji sekretary Sergeý Syrankow.

Belarusyň häzirki zaman taryhynda ilkinji gezek Kommunistik partiýasynyň dalaşgär prezidentlige dalaşgär görkezildi.

Ýurtda 1-25-nji ýanwarda saýlaw möwsümi bolup, şol döwürde dalaşgärler özleriniň saýlawçylary bilen duşuşarlar.

Related posts

Putin we Trampyň 2-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan Ýewraziýa zenanlar forumyna gatnaşdy

Ýewropalylar köpräk restoranlarda iýmitlenýär

vepa