DÜNÝÄ

GDA-nyň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçiriler

Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirilýär. Oňa gurama başlyklyk edýän Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ýolbaşçylyk eder. Resmi däl sammit Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçiriler.

Guramanyň köp ýyllyk däplerine eýerilip, her ýyl Täze ýylyň öňüsyrasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy guralýar.

Rus Lideriniň kömekçisi Ýuriý Uşakowyň bellemegine görä, Putin bu sammitde Russiýanyň 2024-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň jemlerini jemlär.

Üstümizdäki ýylda gurama başlyklyk eden Russiýa bu başlyklygy 2025-nji ýylda Täjigistana berdi.

Şeýle hem bu gezekki sammitde 2025-nji ýylda Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyny bellemek boýunça görüljek taýýarlyk barada pikir alşylar.

Sammitiň çäklerinde medeni maksatnama hem taýýarlandy. Ähli çäreler Sankt-Peterburg şäheriniň golaýyndaky “Igor” şypahana toplumynda geçiriler.

Ýene-de okaň

BMG kiberjenaýatçylyga garşy konwensiýasy kabul etdi

Lukaşenko we 4 dalaşgär prezidentlige dalaş eder

Prezidenti we Premýer-ministri zenan bolan ýurt

Türkmenbaşy şäherinde Gazagystanyň konsullygynyň täze binasy açyldy

Ata Watan Eserleri

1-10-njy ýanwar aralygynda Söwda-senagat edarasynda Täze ýyl dabaralary guralar

Eýranyň medeniyet geňeşçisi Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlady