BILIM

Türkmenistan bilen Rumyniýa bilim ulgamynda täze ähtnam gol çekişdi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Akylly» şäher: dolandyrmak, sanly, “akylly” we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Şol maslahatyň çäklerinde Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Buharestiň Ylym we tehnologiýa politehniki milli uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen gol çekişlik dabarasynyň çäklerinde degişli ähtnama Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti rektory G.Mezilow bilen Buharestiň Ylym we tehnologiýa politehniki milli uniwersitetiniň prorektory Horiýa Nekula tarapyndan gol çekildi.

Gol çekilen ähtnama esaslanyp, bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny geçirmek,  leksiýalary, simpoziumlary, interaktiw duuşyklary, maslahatlary we seminarlary guramak; professorlar we talyplar bilen alyş-çalyş; bilim maksatnamalary we ylmy işler boýunça hyzmatdaşlyk; okatmaga innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, professorlaryň, mugallymlaryň, hünärmenleriň we ýaş alymlaryň ylmy barlaglarynyň netijelerini halkara indekslenen ylmy žurnallarda bilelikde neşir etmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

TOHU-da brendleriň psihologiýasy boýunça açyk sapak geçirildi

“Ýaş inžener 2026” atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi

«Diller Dünýäsi» dil merkezinde «Bahasa Club» atly gurnagy geçirildi

Aşgabatda «Lomonosow—2026» halkara forumyna badalga berildi

Iňlis dili boýunça V halkara internet olimpiadasy geçirilýär

“Makul Dil Gollanmasy” Amerikan Kongres kitaphanasynyň katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov