SIZDEN GELENLER

Arkadag şäheri – sagdynlygyň şäheri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň binalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi jemgyýetiň iň uly baýlygy bolan adamlaryň saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygyny görkezýär.

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde ýerli çig mallardan peýdalanmak arkaly gündelik ulanylýan lukmançylyk önümleriniň içerki islegini üpjün etjek, şeýle-de önümlerini dünýä bazarlaryna çykarjak «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň binalar toplumynyň gurulmagy meýilleşdirilýär.

Bu örän ähmiýetli wakadyr. Häzirki wagtda lukman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bu kärhanada saglygy goraýyş ulgamynda giňden ulanylýan lukmançylyk serişdeleriniň dürli görnüşleri — pamyklar, dokalmadyk matadan taýýarlanan bir gezeklik agyz-burun örtükleri, başgaplar, halatlar, ýorgan-düşek daşlyklary, aýakgap örtükleri, ýaşy alty aýdan uly bolan çagalar üçin goşmaça iýmit görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy.

Ekologik taýdan arassa ýerli çig mallardan öndürilýän bu önümler ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Ýene bir bellemeli tarapy bolsa, kärhanada türkmen alymlarynyň işläp düzen ylmy açyşlaryny önümçilige ornaşdyrmaga mümkinçiligiň bolmagydyr. «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy tarapyndan 6 aýlykdan ýokary bolan çagalar üçin niýetlenen süýt garyndyly goşmaça iýmitleriň tüwüli, tüwi-bananly, hemenek ýarmaly, ary bally görnüşleri halk köpçüliginiň uly isleglerinden peýdalanýar. Bu çaga iýmitleriniň düzüminiň makro-mikro elementlere we witaminlere baý bolmagy geljekki nesilleriň sagdyn ösmegine, berk bedenli bolup ýetişmeklerine uly ýardam berýär. Belli bir möçberiniň daşary ýurtlara eksport edilmegi hem bereketli türkmen topragyndan alynýan ekologik taýdan arassa çig mallardan taýýarlanýan önümleriň hyrydarynyň ýeterlikdigini aňladýar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň sentýabrynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen «World Smart City Expo» sergisinde Arkadag şäheri «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» atly üç sany baýraga mynasyp boldy. Ähli babatda nusgalyk Arkadag şäheri türkmen halkynyň buýsanjydyr. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän bu şäher «akylly» şäher gurluşygynyň milli nusgasy bolup, dünýä binagärliginiň öňdebaryjy gazananlaryny we tehniki üstünlikleri özünde jemleýär. Bu ýerde halkara ölçeglere gabat gelýän toplumlaýyn düzümler, şol sanda tebigaty goramak babatda netijeli çözgütler ilatyň abadan durmuşyny üpjün edýär. Onuň çäginde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berlip, desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdelerden peýdalanylýar.

Şu ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen möhüm döwlet resminamalarynyň arasynda «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» hem bolmagy tebigy we kanunalaýyk ýagdaýdyr. Sebäbi 2023-nji ýylyň 24-nji martyndan güýje girizilen «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda Arkadag şäheri üçin «döwlet ähmiýetli şäher» diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bellenildi. Konsepsiýada täze şäheri bellenen döwre çenli hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary jemlenýär.

Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde mümkinçiligi çäkli çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi. Merkeziň çagalar bagyny şu ýyl tamamlan 27 çaga Arkadag şäheriniň mekdeplerine gadam basdy. Häzir ol ýerde 100-e golaý çaga terbiýelenýär. Mundan başga-da, lukman Arkadagymyzyň tassyklan meýilnamasy esasynda welaýatlardan we Aşgabat şäherinden gelen çagalar häzirki wagtda dikeldiş bejergisiniň ikinji tapgyryny aldylar. Merkezde dikeldiş lukmançylygynda dünýä tejribesini özleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Awstriýanyň «SANLAS Holding GmbH» kompaniýasy bilen baglaşylan üçtaraplaýyn Ähtnamanyň çäklerinde degişli işler alnyp barylýar. Merkeziň lukmanlarynyň we pedagoglarynyň bir topary çagalaryň saglygy babatda halkara derejeli okuw maslahatlaryna gatnaşdylar. Häzirki wagtda saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, olar bilen işleýän pedagogik işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak maksadyndan ugur alnyp, «kliniki logopediýa», «kliniki psihologiýa» hem-de «kliniki surdopedagogika» ýaly inçe ugurly hünärmenleri kämilleşdirmäge gönükdirilen teklipler taýýarlanylýar.

Söhbet Gurbanalyýew,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň

Fakultet terapiýasy kafedrasynyň assistenti. 

Ýene-de okaň

Geçmişden geljegiň hakydasy

Türkmen ýaşlary hakdaky aladanyň beýany

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat