DÜNÝÄ

Türk diplomaty ÝHHG-niň baş sekretary boldy

Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň täze baş sekretayr wezipesine ozalky Türkiýäniň daşary işler ministri we Türkiýäniň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Feridun Sinirliogly saýlandy.

– Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň täze ýolbaşçy düzümini gutlaýaryn. Feridun Sinirliogly guramanyň baş sekretary wezipesine saýlandy. Guramanyň Demokratik institutlary we adam hukuklary býurosynyň başlyklygyna Kristof Kamp, milli azlyklar boýunça ýokary komissary wezipesine Ýan Bratu saýlandy – diýip, Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň häzirki döwürleýin başlygy, Maltanyň daşary işler ministri Ýan Borg habar berdi.

Ilkinji gezek bir türk diplomaty Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň baş sekretary wezipesine saýlandy. Baş sekretar 3 ýyllyk möhlete saýlanýar.

Feridun Sinirliogly 2015-nji ýylda döredilen wagtlaýyn hökümetiň daşary işler ministri bolupdy. Şeýle hem ol köp ýyllaryň dowamynda daşary işler ministriniň orunbasary wezipesini amala aşyrdy. 2016-2023-nji ýyllarda Türkiýäniň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili boldy.

2023-nji ýylda BMG-niň Baş sekretary tarapyndan Owganystan boýunça garaşsyz baha beriş boýunça ýörite utgaşdyryjy wezipesine bellenipdi.

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Hindistana döwlet sapary bilen bardy

Ýaponiýa-Merkezi Aziýa sammiti dekabrda Tokioda geçiriler

Türkmenistanyň we Somaliniň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

Wladimir Putin Hindistanda döwlet saparynda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Kuweýt Döwletiniň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy