BILIM

Türkmenistan-ABŞ: «Fulbraýt» maksatnamasynyň çäginde hyzmatdaşlyk ösdüriler

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Departamentiniň «Halkara okuw sapary» (IVLP) çäklerinde türkmen wekiliýeti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentinde kabul edildi. Duşuşyga amerikan tarapyndan Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça Býurosynyň jemgyýetcilik diplomatiýasy bölüminiň işgäri jenap Jonathan Meýer, Türkmenistan bölüminiň işgäri jenap Iverson Long, şol býuronyň Maksatnamalar boýunça işgäri hanym Rosie Edmond, Global hyzmatdaşlyk müdirliginiň direktory, Bilim we medeniýet işleri boýunça býurosynyň daşary ýurtly myhmanlar bilen işleşmek bölüminiň işgäri hanym Çikita Jekson, we Döwlet departamentiniň «Fulbright» maksatnamasynyň ýolbaşçysy hanym Sarah Sulliwan gatnaşdylar.

Duşuşykda amerikan tarapy türkmen wekiliýetine Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça býurosynyň, Global hyzmatdaşlyk müdirliginiň bilim babatda alyp barýan esasy iş ugurlary barada giňişleýin tanyşdyrdylar.

Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça býurosy şu aşakdaky möhüm maksatnamalar we başlangyçlar arkaly sebitde bilimiň ösmegine goşant goşýar:

1) ABŞ bilen Günorta we Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň bilim hem-de medeni gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen «Fulbraýt» alyş-çalyş maksatnamasyny goldamak;

2) bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, täze okuw usulyýetleri girizmäge we bilim hyzmatlaryna elýeterliligi giňeltmäge gönükdirilen tehniki we maliýe kömegini bermek arkaly sebitdäki ýurtlarda bilim ulgamlarynyň ösmegine ýardam bermek;

3) Günorta we Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň ABŞ-nyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin talyp haklaryny we grantlary bermek.

Amerikan tarapy bilim babatda Türkmenistan bilen ýokary hünär bilimi ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi, has takygy, «Fulbraýt» alyş-çalyş maksatnamasynyň çäginde hyzmatdaşlygy has-da ýygjamlaşdyrmak meselesini öwrenmegi öňe sürdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Halkara Gyzyl Haç Komiteti Türkmenistanda halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça okuw sapaklaryny gurnar

Türkmenistanda Rumyniýanyň uniwersitetiniň şahamçasy açylar

Türkmenistanly okuwçy Kaliforniýada türkmen milliliklerini tanyşdyrdy

Türkmen okuwçylary we talyplary 821 medal gazandy

Ylmy işgärler üçin “Amerikany öwreniş institutlary” maksatnamasy