BIZNES

“Fitch Rating” Türkmenistanyň karz reýtingini ýokarlandyrdy

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň halkara maliýe reýtingini we aýraýyny ýokarlandyrmak, şeýle hem degişli düzümler, hususan-da Beýik Britaniýanyň “Fitch Rating” agentligi bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda görülýän çäreler barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H. Geldimyradow agzalan agentlik tarapyndan geçirilen seljerme işleriniň netijesinde, şu ýylyň awgustynda Türkmenistanyň karz reýtinginiň ýokarlandyrylandygyny belledi.

Wise-premýer agentlik bilen ikitaraplarýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen degişli teklibi hödürläp, bu çäräniň ýurdumyza çekilýän maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmaga we karzlaryň şertlerini ýeňilleşdirmäge, netijede döwletimiziň daşary ykdysady işiniň has-da ösmegine ýardam berýändigini belledi.

Related posts

Hytaý kompaniýasy Owganystanda nebit öndürer

Ata Watan Eserleri

Derweze kraterini söndürmek Parižde maýa goýum forumynyň çäklerinde maslahatlaşylar

Aşgabat 2026-njy ýylda türkmen-hytaý söwda-ykdysady forumyny kabul etmäge taýýarlanýar