TEHNOLOGIÝA

USAID-iň YDA taslamasy “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) Türkmenistanda işleýän okuw merkezleri, kadrlar agentlikleri, konsalting kompaniýalary we beýleki kompaniýalary hem-de guramalary “TechYouth Bootcamp” maksatnamasyny Aşgabatda we welaýatlarda bilelikde amala aşyrmak maksady bilen hyzmatdaşlyga çagyrýar.

USAID-iň YDA taslamasynyň “TechYouth Bootcamp” maksatnamasy IT ugurlar boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir we «bootcamp» formatynda «doly çümmek» görnüşinde intensiw kurslaryny öz içine alýar. Maksatnamanyň esasy maksady ýaşlara IT ulgamynda hünär almaga we üstünlikli işe ýerleşmäge mümkinçilik bermek.

Gyzyklanma bildirýän taraplar şu linkde onlaýn-formany 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 2-de sagat 14.00 çenli doldurmaklygy haýyş edýäris: https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLScHtlDp-hodGLu8Y96l0rRQuWboo_sV5GWGjJSfAj6AdbRJ6Q/viewform

Ýene-de okaň

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar