DÜNÝÄ

Yrak Türkmenistana hemişelik ilçi bellär

Yrak Respublikasynyň Ministrler Kabineti öz ýurdunyň Daşary işler ministrliginiň Türkmenistan bilen diplomaitk gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmek hem-de hemişelik esasda ilçisini bellemek baradaky teklibini oňlady. Bu barada Yragyň metbugat gulluklary habar berýär.

Yragyň Premýer-ministri Muhammed Al-Sudaniniň başlyklyk etmeginde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bu ugurda degişli karar kabul edildi.

Türkmenistan bilen Yrak Respublikasy 2009-njy ýylyň 31-nji iýulynda gol çekilen bilelikdäki beýanat esasynda resmi taýdan diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy. 2019-njy ýylda Türkmenistan Yrak Respublikasyna ilçi belledi. Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi Serdarmämmet Garajaýew şol bir wagtda Türkmenistanyň Yrak Respublikasyndaky ilçisi wezipesini alyp barýar.

Yragyň Türkmenistan boýunça işlerini bu ýurduň Gazagystanyň paýtagty Astana şäherindäki ilçihanasy alyp barýar we häzirki wagtda bu ilçihanada Yragyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jaber Najma Abdullah Al-Temimi iş alyp barýar.

Hemişelik ilçi bellemek çözgüdi Yragyň Türkmenistanda özüniň ilçihanasyny açmagy göz öňünde tutýandygyny aňladýar.

Soňky döwürde Türkmenistan bilen Yragyň arasyndaky gatnaşyklar, hususan-da energetika pudagynda möhüm sepgitlere ýetdi. Iki ýurduň arasynda tebigy gaz üpjünçiligi boýunça degişli ylalaşyklar gazanyldy. Şoňa laýyklykda, Türkmenistan Eýranyň üsti bilen Yraga tebigy gaz iberer.

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Hindistana döwlet sapary bilen bardy

Ýaponiýa-Merkezi Aziýa sammiti dekabrda Tokioda geçiriler

Türkmenistanyň we Somaliniň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

Wladimir Putin Hindistanda döwlet saparynda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Kuweýt Döwletiniň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy