Güneşli Diýarymyzda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny hil taýdan täze derejä çykarmak we olaryň elýeterliligini üpjün etmek maksady bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurulýan saglygy goraýyş desgalarynyň sany barha artýar. Saglygy goraýyş ulgamyny innowasion taýdan ösdürmek bilen ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak, halkara ülňülerine laýyk getirmek işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän halkymyzda saglyk baş baýlyk hasaplanýar. «Bar zadyň sakasy saglyk», «Saglygym — baş baýlygym», «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen aýtgylar munuň subutnamasydyr. Hut şu nukdaýnazardan, milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda amala aşyrylýan işler bolsa adam hakyndaky aladany özünde jemleýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, täze-täze hassahanalar, saglyk öýleri, ylmy-kliniki merkezler we beýlekiler gurlup ulanmaga berilýär. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda işlenilip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi bilen alnyp barylýan işler mynasyp netijesini berýär. Munuň özi merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen işleriň aýdyň mysalydyr.
Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan işleriň, durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýady hem yzygiderli pugtalandyrylýar. Ulgamyň işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň bu ugurda birnäçe maksatnamalary tassyklamak, täze saglygy goraýyş edaralaryny döretmek we gurmak bilen bagly resminamalara gol çekmegi hem munuň aýdyň güwäsi boldy.
Her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Hünär baýramy mynasybetli halkara serginiň we ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi, täze saglygy goraýyş desgalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi indi asylly däbe öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem giňden bellenilen bu baýramçylygyň öňüsyrasynda Milli Liderimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň täze, döwrebap binalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi, lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVI jildiniň çapdan çykmagy halkymyza ajaýyp sowgat boldy. Täze saglygy goraýyş desgalary bejerijilik, sagaldyş-dikeldiş ähmiýeti boýunça ilat arasynda uly gyzyklanma eýe bolýar.
Golaýda açylyp ulanmaga berlen Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi şikeslerden, kesellerden soň näsaglaryň saglygyny dikeltmäge gönükdirilen ugra ýöriteleşen bolup, ol robotlaşdyrylan sagaldyş-dikeldiş ugurly döwrebap we kämil lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, Merkezi Aziýada şeýle görnüşli ilkinji lukmançylyk edarasy hökmünde belent ykrara eýedir. Muny Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezine «Dr.Mellinghoff Consulting» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada ýokary tehnologiýaly binaly we durnukly infrastrukturaly merkez hökmünde güwänamasynyň, «ECRI» guramasynyň dünýä derejesindäki tehnologiýalarynyň bardygyny tassyklaýan güwänamasynyň, «Marienhospital Gelsenkirchen» hassahanasynyň Aşgabatdaky iň gowy halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hökmünde güwänamasynyň we Ýustus Libih adyndaky Gisen uniwersitetiniň sebitde iň gowy hassahana hökmünde iki sany güwänamasynyň gowşurylmagy hem doly tassyklaýar.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVI jildiniň çapdan çykmagy saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda zähmet çekýän işgärleri, hünärmenleri begendiren waka boldy. Bu kitap sahawatly türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň ençemesiniň dermanlyk häsiýetleri, biologiki aýratynlygy, himiki düzümi, dermanlyk çig maly, tebigy gory, derman taýýarlanylyşy we peýdalanylyşy barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýär.
Bilşimiz ýaly, sahy topragymyz ösümlik dünýäsine örän baýdyr. Derde derman ösümlikler asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz tarapyndan gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdýan halk lukmançylygynda keselleri bejermekde peýdalanylypdyr. Häzirki zaman lukmançylygynda we derman senagatynda dermanlyk ösümlikler giňden ulanylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpýyllyk tejribesiniň we zähmetiniň miwesi bolan düýpli ylmy işi fitoterapiýany ylmy esasda öwrenmekde gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär.
Umuman, eziz Watanymyzda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işleriň, şonuň bilen birlikde saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen belent sepgitleriň hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, durmuş ugurly syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini aýdyňlygy bilen görkezýär.
Il-ýurt bähbitli ajaýyp ynsanperwer işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Jennet Orazowa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Fakultet terapiýasy kafedrasynyň öwreniji mugallymy.