Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahaty öz işine başlady. Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän halkara maslahatda çykyş eden Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Toýguly Nurow Türkmenistanda dürli derejeli sement önümçiligi, milli ykdysadyýeti berkitmekde we eksport mümkinçiligini giňeltmekde möhüm orun eýeleýändigini belledi.
Onuň bellemegine görä, ýokary hilli sement önümçiliginiň hasabyna türkmen sementiniň halkara bazarynda iň köp isleg bildirilýän haryda öwrüldi.
Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Toýguly Nurow ýokary hilli hem-de çydamlysement önümçiliginiň möhüm ähmiýete eýedigini belledi.
Sementiň bu görnüşlerine bolan isleg, senagat pudagynyň ösmegine itergi berýär we Türkmenistanyň eksport işleri üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Toýguly Nurow “Önümlerimize isleg diňe bir ýurduň içinde däl, eýsem daşary ýurtlarda-da artýar” -diýdi.
Bu başlangyçlar diňe bir ykdysadyýeti güýçlendirmek bilen çäklenmän, Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösmegine, halkara derejesinde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga möhüm goşant goşýar.