MEDENIÝET

Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlar hem-de konsertler

1-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konserti geçiriler. Konsertde Türkmenistanyň at gazanan artisti, dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda dünýä belli filmleriň meşhur sazlary ýerine ýetiriler.

Konsertde ýaňlanjak sazlaryň arasynda «Indiana Jons» we «Şindleriň sanawy» ýaly kinofilmleriň ajaýyp nusgalary üçin saz ýazan kompozitor Jon Wilýamsyň dünýä belli eserleri ýer aldy. Millionlarça tomaşaçylaryň kalplaryny eýelän owazlar kino gudratynyň atmosferasyny döredip ýaňlanar.

Konsertiň dowamynda diňleýjiler uly ekranda Stiwen Spilbergiň filmlerinden sahnalar bilen utgaşdyrylan sazlaryň orkestr tarapyndan janly ýerine ýetirilişinden lezzet alarlar, şeýle hem iki sungat zehininiň hyzmatdaşlygynyň netijesinde dörän sazyň dürli öwüşginleri bilen tanşarlar.

Biletleri satyn almak bilen baglanyşykly sowallar bilen aşaky telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: (+99312) 22-38-98; 51-41-57. Konsert 19:00-da başlanýar.

Türkmenistanyň Beýik S.Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:

01.11.2024 «Wah, siz aýallar…» 19:00;

02.11.2024 «Gülki agşamy» 19:00;

03.11.2024 «Gelin gelýär…» 19:00.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:

01.11.2024 «Demir aýal» 19:00;

02.11.2024 Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygynda simfoniki konsert 19:00;

03.11.2024 «Super gaýyn ene» 19:00.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:

01.11.2024 «Näzli dildarym» 19:00;

02.11.2024 «Hak aşyklar» 19:00;

03.11.2024 «Gülki sowgady» 19:00.

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry:

02.11.2024 «Şowhunly tomaşa» 19:00;

03.11.2024 «Gumly gelin» 19:00.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry:

02.11.2024 «Janly heýkeller» 19:00;

03.11.2024 «Gülki agşamy» 19:00.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry:

01.11.2024 «Дорога в сердца» 19:00;

02.11.2024 «Красная шапочка» 12:00;

02.11.2024 «Семейная тайна» 19:00;

03.11.2024 «Маша и медведь» 11:00;

03.11.2024 «Маша и медведь» 13:00;

03.11.2024 «Аршин мал алан» 19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatry:

02.11.2024 «Çagalyk älemgoşary» 17:00;

02.11.2024 «Jüýteniň toýy» 19:00;

03.11.2024 «Şadyýan sazandalar» 12:00;

03.11.2024 «Şadyýan sazandalar» 17:00;

03.11.2024 «Çagaly öý – bazar» 19:00.

Ýene-de okaň

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi