SPORT

“Mançester Siti” we “Çelsi” Angliýanyň Liga kubogy bilen hoşlaşdy

Angliýanyň, galyberse-de dünýäniň iň baýry kubogy hasaplanýan Angliýanyň liga kubogy ýaryşynda güýçli toparlar “Mançester Siti” hem-de “Çelsi” nobatdaky tapgyrda utulyp, ýaryşdan çykdylar.

“Mançester Siti” topary “Tottenhem” toparynda 2:1 hasabynda utulan bolsa, Londonyň “Çelsi” topary “Nýukasl” toparyndan 2:0 hasabynda asgyn geldi. Şeýlelikde, bu iki topar 1/8 final tapgyrynda utulyp, ýaryşdna çekildi.

Baş tälimçisi Erik Ten Hagy wezipesinden boşadan “Mançester Ýunaýted” topary bolsa, Angliýanyň liga kubogynyň 1/8 finalynda “Lester Siti” toparyny uly hasap bilen, ýagny 5:2 hasabynda utdy.

Kubok ýaryşynda “Liwerpul” topary türk futbolçy Ferdi Kadyoglynyň düzüminde çykyş edýän “Braýton” toparyny, “Arsenal” topary bolsa, “Preston” toparyndan üstün çykdy.

Şeýlelikde, 1/4 finalda “Mançester Ýunaýted”-“Tottenhem”, “Liwerpul” – “Sautgempton”, “Arsenal” – “Kristal Palas” bilen duşuşar.

Ýene-de okaň

17-nji sentýabrda “Arkadag” – “Andijon” bilen duşuşar

“Ahal” futbol kluby Hindistana bardy

«Arkadag» topary 100-nji ýeňşini gazandy

CAFA-2025: Özbegistan sebitleýin ýaryşyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

Sport habarlary: Italiýaly zenanlar dünýä çempiony, Infantino Daşkentde

AFC-2 Çempionlar ligasy:  “Ahal” topary duşuşyklaryny «Arkadag» stadionynda geçirer