SPORT

“Real Madrid” toparynyň jemgyýetçilik torlarynda 600 million abunaçysy bar

Fransiýanyň “France Football” žurnaly tarapyndan 2023-2024-nji möwsümiň iň gowy futbol topary bolan Ispaniýanyň “Real Madrid” topary jemgyýetçilik torlarynda 600 million abunaça ýetdi. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berýär.

Ispaniýanyň iň güýçli toparlarynyň biri bolan “Real Madrid” toparynyň futbol, basketbol we beýleki sport ugurlary boýunça 37 dürli platformada jemgyýetçilik tor hasaby bar.

Topar häzirki wagtda Ispaniýanyň çempionatynda 24 utuk bilen 2-nji orunda barýar.

Related posts

Ýanwar-noýabr aýlary: türkmen türgenleri 739 medal gazandy

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda sport hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Mbappe “Real Madridde” ilkinji kubogyny gazandy