JEMGYÝET

Akguş – 2024-nji ýylda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” boldy

Şu gün Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli esasy çäreler ýaýbaňlandyryldy. Dabaraly çäreleriň çäklerinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň netijeleri-de yglan edildi. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berdi.

Ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy bellenýär. Bu baýramçylyk 2021-nji ýyldan bäri uly şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýär.

Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda geçirilen dabaralara hökümet agzalary, ilçiler we köp sanly myhmanlar gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli resminamasyna  laýyklykda, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşiginiň jemi jemlendi. Onda 2019-njy ýylda doglan Akguş atly alabaý ýeňiji boldy. Onuň eýesi Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Resul Kerimowdyr.

Eminler toparynyň başlygy, Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew toparyň çözgüdini yglan edensoň, halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy — awtoulagyň açary, ýörite medal, göçme kubok we diplom gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri: ählumumy “Energetika kodeksini” işläp taýýarlamagy teklip etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň giňelmegini goldamaýarys

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rafael Grossi bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar sebite ýaramaz täsirini ýetirýär

Ata Watan Eserleri

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär