MEDENIÝET

«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigi geçirilýär

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, düýn Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ikinji tapgyry geçirildi. Oňa birinji tapgyrda saýlanan türkmen alabaýlarynyň 20-si gatnaşdyryldy.

Birinji tapgyra gatnaşdyrylanlar 50-den gowrak türkmen alabaýynyň içinden emin agzalary tarapyndan saýlanyp alnan itlerdir. Şolaryň hatarynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň welaýatlar hem-de Aşgabat şäheri boýunça bölümlerinde, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň alabaýlary ösdürip ýetişdirýän hojalyklarynda hem-de hususy hojalyklarda ösdürilip ýetişdirilýän alabaýlar bar.

Halkara bäsleşige gatnaşmak üçin alabaý itlerine mahsus bolan beden gurluşynyň degişli ölçegleri gabat gelmelidir. Hususan-da, olaryň uzyn aýaklylyk, süýnmeklik, süňkleklik, kelle uzynlygy, goşar aýlawy ýaly aýratynlyklarynyň bellenen degişli ölçeglere laýyk gelmegi möhümdir. Bäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan alabaýlar, bellenen şertlere görä, dürli görnüşli päsgelçilikleriň birnäçesinden geçdiler. Biri-birinden tapawutlanýan päsgelçiliklerden geçmekde alabaýlaryň her biri başarnygyny görkezdi. Eminler toparynyň agzalary bäsleşigiň şu tapgyryna gatnaşan alabaýlaryň daşky keşbine, beden agzalarynyň gurluşyna we sazlaşygyna, olaryň sazlaşykly hereketine, ýagny özüni ynamly alyp barşyna we sabyr-takatlylygyna aýratyn üns berdiler.

«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşdyrylan türkmen alabaýlarynyň 20-sinden eminler toparynyň agzalarynyň iň ýokary bahasyna mynasyp bolan 10-sy bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Jemleýji tapgyrda şol 10 alabaýdan iň ýokary baha mynasyp bolan bir türkmen alabaýy şu ýylda geçirilen halkara bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan ediler hem-de ony ösdürip ýetişdirene we eýesine hormatly Prezidentimiziň Baş baýragy, ýeňijiniň göçme Kubogy gowşurylar.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy