BIZNES

Türkmenistan Özbegistana 1,6 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

2024-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistan Özbegistana 1,6 milliard kubmetre tebigy gaz eksport etdi. Bu barada Aşgabatda öz işine başlan «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024» atly halkara maslahatynyň plenar mejlisinde çykyş eden “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew belläp geçdi.

Hytaýyň tebigy gaz sarp ediş möçberleri artýar. Ozal gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, türkmen tebigy gazynyň Hytaýa iberilýän möçberini ýylda 65 milliard kubmetr ýetirmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasy Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Gyrgyzystan ugry boýunça geçiriler.

Hytaý goşmaça 25 milliard kubmetr tebigy gaz ibermek üçin “Galkynyş” gaz käniniň 2-nji tapgyryny özleşdirmek göz öňünde tutulýar- diýip Babaýew belledi.

Şeýle hem 19-njy oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Yrak Respublikasynyň Energetika ministrliginiň arasynda degişli ylalaşygyň gazanylandygy we şoňa laýyklykda, Eýranyň üsti bilen Yragy tebigy gaz iberiljekdigi bellenilip geçildi.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew halkara maýadarlary Türkmenistandaky ägirt uly taslamalara, ýerasty tebigy gaz desgalaryny gurmaga we beýleki iri senagat taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Şeýle hem türkmen tarapy maýadarlaryň ünsini Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi üçin harytlyk gaz boljak  “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň 3-nji tapgyryna çekip, gyzyklanma bildirýän taraplary hyzmatdaşlyga çagyrdy.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda geçirilýän halkara nebitgaz forumyna Özbegistanyň energetika ministri Jurabek Mirzamahmudow hem gatnaşýar.

Ýene-de okaň

“Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň 2-nji we 3-nji tapgyrlary amala aşyrylar

Türkmenistan bilen Türkiýe ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Koreý kompaniýasy Türkmenistanda mineral dökün önümçiligini gurar

Gazak kompaniýasy Türkiýäniň “Hepsiburada” platformasyny satyn aldy

Ata Watan Eserleri

Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen Owganystan däne önümlerini eksport eder

Türkmenistanyň demirýollary «Bir gezeklik ýapynjalary» hödürleýär