SPORT

Türkmenistan Halkara Tennis federasiýasy bilen hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekişer

Türkmenistan Halkara Tennis federasiýasy (ITF) bilen 2028-nji ýyla çenli Türkmenistanda tennisi ösdürmek boýunça ösüş meýilnamasyna gol çekişer. Bu babatda degişli ylalaşyk Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy Eziz Döwletowyň Halkara Tennis federasiýasy ýolbaşçysy Dewid Haggerti bilen Gonkongda geçirilen Halkara Tennis federasiýasynyň Baş assambleýasynyň çäklerinde guralan duşuşygynda gazanyldy.

Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň habar bermegine görä, gol çekmäge taýýarlanýan resminama 213 sany milli tennis guramalary özünde jemleýän iri halkara sport guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň martynda  Halkara Tennis federasiýasy ýolbaşçysy Dewid Haggerti hem-de Aziýanyň Tennis federasiýaysnyň başlygy Ýuriý Polskiý ilkinji gezek Türkmenistanda saparda boldular. Iki günlük saparyň çäklerinde myhmanlar Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşdylar.

Şeýle hem şu ýyl Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumy Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan “Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi” hökmünde ykrar edildi. Degişli şahadatnama şu ýylyň 1-nji iýunynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynde geçirilen dabarada Halkara Tennis federasiýasynyň Aziýa boýunça tennisi ösdürmek wekili Seýedamir Borghei tarapyndan gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Neýmar milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlady

Erling Holand gollaryň sanynda Messi we Mbappe bilen deňleşdi

Norwegiýa Braziliýany ýeňip, taryhy üstünlik gazandy

Angliýanyň ýygyndysy 1/4 finala çykdy

Fransiýa çärýek finalda Marokko bilen oýnar

Marokko ilkinji bolup çärýek finala çykdy

Ata Watan Eserleri