TEHNOLOGIÝA

Pariž awtoulag sergisi 90-njy gezek gapylaryny açdy

Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde 90-njy gezek halkara awtoulag sergisi geçirilýär. Oňa ýerli we daşary ýurt awtomobil senagatynda öndürilen ulaglar görkezilýär. Bu halkara sergä Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron hem gatnaşdy.

Ýewropa markalarynyň köpüsiniň gatnaşýan sergisinde hytaý markalary hem uly orun eýeleýär.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron awtoulag pudagynyň iň möhüm wakalarynyň biri bolan 90-njy Pariž awtoulag sergisini resmi taýdan açandan soň, sergidäki käbir modelleri gözden geçirdi we maglumat aldy.

Sergide köpräk soňky döwürde has köp üns berilýän elektrikli awtoulaglaryň täz görnüşlerini görmek bolýar.

Ýene-de okaň

Gazagystanda ilkinji emeli aň uniwersiteti döredilip biler

“Nvidia” bazar bahasy $4,5 trilliona ýeten ilkinji kompaniýa

NASA Aýda oba gurmagy meýilleşdirýär

2025-nji ýyl: dünýäniň iň güýçli 10 robot taýýarlaýjy topary

Gazagystan emeli aň ministrini belledi

Emeli aň üçin 100 milliardlyk şertnama